Özarahereket we utgaşdyryş işleri

esasy

 

 

 

Özarahereket we utgaşdyryş işleri

 

POD/FT ähli milli ulgamynyň netijeliligini üpjün etmegiň wajyp şerti oňa girýän pudak edaralarynyň we guramalaryň işini utgaşdyrmakdyr.

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň gyzyklanýan edaralary blen özara hereketiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, MGM  özara hyzmatdaşlyk barada pudagara ylalaşyklary baglaşýar. Häzirkri wagtda  şeýle ylalaşyklaryň 10-dan gowragy baglaşyldy.

 

MGM POD/FT babatda işleri utgaşdyrmakda ygtyýarly edara hasaplanmak bilen, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmegiň edil içerki meselelerine degişli bolşy ýaly, halkara meselelerini çözmekde hem ylalaşylan çözgütleri işläp düzmegiň we durmuşa geçirmegiň gurallaryna aýratyn üns beýär.

 

Şu maksatlar üçin, MGM-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmekde Pudagara topary döredildi (mundan beýläk PAT) we onuň düzümine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri girýär.

 

 

PAT-yň mejlislerinde ölçegleýin kadalaşdyrylyşy hem goşmak bilen  POD/FT  milli ulgamyny  kämilleşdirmegiň meselelerine, POD/FT milli  strategiýasynyň baş ugruny ýerine ýetirmegiň çäreleriniň Meýilnamasyna, milli ulgamy ösdürmek bilen bagly beýleki meselelere seredilýär.

 

 

esasy