Gözegçilik işi

esasy

 

 

Gözegçilik işleri

 

 

POD/FT işine baha bermegiň esasy gurallarynyň biri-de gözegçilik işleridir.

Maliýe monitoriňi boýunça MGM-niň gözegçilik işleriniň esasy ugurlary şulardyr:

 

1. Gözegçilik edaralarynyň işini we POD/FT babatda olar bilen özara hereketi utgaşdyrmak;

 

2. Işinde gözegçilik edaralary bolmadyk pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary geçirýän guramalary POD/FT babatda kanunbozulmalaryň   öňüni almak we duýdurmak maksady bilen barlamak;

 

3. POD/FT babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň, prokuraturanyň, jemgyýetçilik birleşmeleri we başga guramalar bilen   özara hereket etmek.

MGM tarapyndan gözegçilik subýektleri:

THÇMB – Türkmenistanyň Haryt çig mal biržasy

TDGG – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

MGM işinde gözegçilik edaralary bolmadyk guramalar tarapyndan POD/FT babatdaky kanunçylygyň ýerine ýetirilişiniň barlagyny gönümel amala aşyrýar.

 

MGM-niň gözegçilik işleriniň esasy maksady guramalar we olaryň ýolbaşçylary tarapyndan POD/FT babatdaky kanunçylygyň ulanylyşynyň bozulmalarynyň öňüni almakdyr, şeýle-de, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly alamatlary bolan amallary ýüze çykarmak.

 

POD/FT babatdaky kanunçylygyň ulanylyşynyň bozulmalarynyň ähli faktlary boýunça günäkär adamlar Türkmenistanyň administratiw kanunbozulmalary hakyndaky Kodeksiniň maddalary boýunça administratiw jogapkärçilige çekilýär. Kanunbozulmalary amala aşyrmaga ýardam edýän esasy sebäplere we şertlere ilkinji nobatda, POD/FT babatdaky kanunçylygyň talaplarynyň doly bilinmezligi, şeýle-de, içerki gözegçilik gulluklarynyň işgärleriniň öz borçlaryny ynsapsyzlyk bilen ýerine ýetirmegi degişlidir.

 

POD/FT babatdaky kanunçylygyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin MGM prokurotura we beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen ýakyn aragatnaşygy saklaýar.

 

Gözegçilik-barlag çäreleriniň geçirilmegi maliýe amallary hakyndaky maglumatlaryň ýokary hilini we wajyplygyny üpjün edýär. guramalaryň barlagynyň materiallary  MGM-niň  maliýe derňewleri we  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmäge gönükdirilen başga seljeriş işleri geçirilende, goşmaça maglumatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

 

 

esasy