esasy

 

 

 

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň  ýanyndaky 

Maliýe gözegçiligi Müdirliginiň

şu ygtyýarlylyklary amala aşyrylýar:

 

 

Ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy  ygtyýarlylygynyň çäginde:

 

1.Hökmany gözegçilige degişli geleşikler we amallar  bilen bagly  maglumatlary toplaýar we seljerýär;

 

2. Daşary ýurt pulunda ýa-da milli manatda geleşikleriň we amallaryň Iş pes derejesini belleýär.

 

3. Maglumatlary berýän adamlardan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmeklige gönükdirilen çäreleri görmegi talap edýär.

 

4. Şübheli geleşikleri we amallary, şeýle-de, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegi bilen bagly  geleşikleri we amallary duýdurmagyň, ýüze çykarmagyň we olaryň soňuna çykmagyň, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek  baradaky çäreleri, hususan-da, şübheli geleşikleri we amallary  ýüze çykarmagy we olar boýunça çykyşlary ibermegi goşmak bilen ulanmagy düşündirmegiň ulgamyny kämilleşdirmegiň çärelerini işläp düzýär we amala aşyrýar.

 

5. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gozgalan işler boýunça resmi  ýazmaça haýyşyň esasynda  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegi bilen bagly   resminamalary we beýleki materiallary kazyýete, prokurora, derňew edaralaryna we derňew-agtaryş edaralaryna berýär. Bu görkezilen maglumatlar ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan öz islegine görä hukuk goraýjy edaralara we  kazyýetlere berlip biler.

 

6. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagy duýdurmak we olaryň soňuna çykmak boýunça öz işini alyp barýar.

 

7. Döwlet edaralary tarapyndan alnyp barylýan maglumat binýatlaryndan (sanawlardan) peýdalanmaga, ýada olary emele getirmäge hukugy bardyr;

 

8. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek   maksady bilen, maglumatlary  berýän şahsy taraplardan, şeýle-de, jenaýaty yzarlmagy amala aşyrýan edaralardan we kazyýetlerden maglumatlary we esaslandyryjy resmi namalary sorap almaga;

 

9. Geleşikleriň we amallaryň  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen baglydygyna ýeterlik esas bolan ýagdaýynda,  degişli maglumatlary we materiallary olaryň ygytyýarlylygyna laýyklykda  hukuk goraýjy edaralara  iberýär.

 

 

esasy