maliýe gözegçiligi müdirliginiň resminamalary

esasy

 

 

 

Maliýe gözegçiligi Müdirliginiň resminamalary

 

1.Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda çykaran Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Maliýe gözegçiligi müdirligi hakynda düzgünnamany tassyklamak hakyndaky 10798 belgili karary.

 

1.Türkmenistanyň Maliýe ministriniň  2010-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda çykaran Maliýe gözegçiligi müdirliginiň wezipe gollanmalaryny tassyklamak hakyndaky 11 belgili  buýrugy.

 

2.Türkmenistanyň Maliýe ministriniň  2010-njy ýylyň 25-nji fewralyndaky jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek hakynda Maliýe gözegçiligi müdirliginiň  talabyna görä, maliýe gözegçiligi subýektleri tarapyndan maglumatlary   tabşyrmagyň tertibini tassyklamak hakyndaky 16 belgili  buýrugy.

 

3.Türkmenistanyň Maliýe ministriniň  2010-njy ýylyň 25-nji fewralyndaky jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek  boýunça hökmany gözegçilik üçin daşary ýurt pulunda ýa-da milli manatda geleşikleriň we amallaryň Iň pes derejesini bellemek hakyndaky 17 belgili  buýrugy.

 

4.Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2010-njy ýylyň 14-nji aprelindäki  Maliýe gözegçiligi Müdirligine  ýuridiki ýa-da fiziki şahslar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorizmi maliýeleşdirmegiň garşysyna hereket etmek üçin  maglumatlary bermek hakyndaky habarnamalarynyň görnüşleriniň rekwizitlerini doldurmagyň teklip edilýän gollanmalaryny tassyklamak hakyndaky 38 belgili buýrugy.

 

5.Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň talaby boýunça maliýe gözegçiliginiň subýektlerinden jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorizmi maliýeleşdirmegiň garşysyna hereket etmek üçin   zerur maglumatlary almagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2010-njy ýylyň 23-nji  aprelindäki 40 belgili buýrugy.

 

6. Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2010-njy ýylyň 3-nji maýyndaky   Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň görkezmesi boýunça pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk bilen geleşikleri we amallary togtatmak tassyklamak hakyndaky 44 belgili buýrugy.

 

7.Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2010-njy ýylyň 11-nji iýunyndaky  „Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Maliýe gözegçiligi Müdirligi tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmagyň we terrorçylygyň maliýeleşdirmegine garşy hereket etmek üçin degişli maglumatlary ýygnamagyň, seljermegiň we netijede geleşigiň ýa-da amalyň  jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen baglynyşyklydygyna şaýatlyk edýän ýeterlik esaslar bolan mahalynda  degişli maglumatlary we resminamalary öz ygtyýarlygyna laýyklykda, hukuk goraýjy edaralara geçirmegiň Tertibini  tassyklamak hakynda 52 belgili buýrugy.

 

8.Türkmenistanyň  Merkezi bankynyň başlygynyň 2011-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky Türkmenistanyň  banklarynda içerki gözegçiligi guramak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak hakynda 4 belgili buýrugy.

 

9. Türkmenistanyň  Merkezi bankynyň başlygynyň  we Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2011-nji ýylyň 17-nji fewralyndaky jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly geleşiklere we amallara    garşy hereket etmek we olary ýüze çykarmak barada banklar tarapyndan çäreleri amala aşyrmagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakyndaky bilelikdäki  26 belgili buýrugy.

 

10. Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2011-nji ýylyň 3-nji  noýabryndaky terrorçylyga gatnaşanlygy hakynda maglumatlar bar bolan adamlaryň sanawyny ýaýratmak we ýerine ýetirmek hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda 102 belgili buýrugy.

 

 

esasy