mudirlik

esasy

 

 

 

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň  ýanyndaky

Maliýe gözegçiligi Müdirligi hakynda

 

2010 ýylyň 15-nji ýanwarynda maliýe razwedka bölümi  -   Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň  ýanyndaky Maliýe gözegçiligi Müdirligi döredildi. Bu administratiw kysymly MRB-dir.

 

Maliýe gözegçiligi Müdirliginiň işiniň maksady - jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna   we terrorçylygyň  maliýeleşdirilmegine  we şular bilen bagly jenaýatçylyga garşy hereket etmegiň hukuk gurallaryny üpjün etmek.

 

Müdirlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi hakyndaky Düzgünnamany we şu Düzgünnamany goldanýar.

 

Müdirlik öz işini amala aşyranda Ministrligiň beýleki düzüm birlikleri we bellenen tertipde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, beýleki edara düzümleri, şeýle hem halkara guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.

 

Müdirligiň wezipeleri:

Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hökmany gözegçilige degişli bolan pul we beýleki emläk görnüşindäki geleşikler we amallar bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň üznüksiz ulgamyny döretmekden, şübheli geleşikleri we amallary ýüze çykarmakdan, jenaýatçylykly hereketleriň öňüni almakda onuň peýdalanylmagyny üpjün etmekden;

 

gelip gowuşýan maglumatlaryň gizlinligini we döredilýän maglumatlar binýadynyň goragyny üpjün etmekden;

 

bikanun gazanylan pul serişdeleriniň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmegiň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almagyň netijeli usulyny döretmekden, öňüni alyş çärelerini peýdalanmakdan;

 

maglumatlary alyşmagyň ylalaşylan ýörelgeleriniň esasynda halkara hyzmatdaşlygynyň görnüşlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

 

Müdirlik üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:

pul serişdeleri ýa-da beýleki emläkler bilen bagly şübheli geleşikleri we amallary seljerýär;

 

jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulmagyna ýol bermezlik üçin öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamak we geçirmek, olaryň ulanyş tejribesini umumylaşdyrmak we bu meseleler boýunça kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleri amala aşyrýar;

 

şübheli geleşikleri we amallary ýüze çykarmaga, olaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar;

 

şübheli amallary ýa-da geleşikleri togtatmak barada berlen buýruklar boýunça icerki maglumatlar binýadyny yzygiderli täzeleýär;

howpsuzlyk çärelerini işläp taýýarlaýar we ornaşdyrýar (maglumatlar binýadynyň, maglumatlaryň, şeýle hem olar bilen işleýän adamlaryň gizlinligi babatda);

 

Müdirligiň işgärleriniň hereketlerine içerki gözegçiligi amala aşyrýar, müşderiler bilen, gizlinlik häsiýeti bolan maglumatlar binýady we resmi namalar bilen işlemegiň içerki ülňülerini girizýär;

 

jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, ministrliklerden, pudak edaralaryndan, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalardan, edaralardan we guramalardan hem-de şahsy taraplardan goşmaça maglumatlary we resmi namalary alýar;

 

pul serişdeleri we beýleki erhläkler bilen amallar we geleşikler barada hökmany gözegçilige degişli maglumatlary hasaba almagyň, işlemegiň we seljermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döredýär we ýöredýär;

 

pul serişdeleri we beýleki emläkler bilen amallaryň we geleşikleriň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy ýa-da terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýän ýeterlik esaslar bolan halatynda degişli maglumatlary we materiallary öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda hukuk goraýjy edaralara geçirýär;

 

halkara grantlaryny, beýleki tehniki kömegi ulanyp, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň halkara tejribesini, amallary geçirmegiň tehnologiýasyny öwrenýär we işe ornaşdyrýar;

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamalary, halkara konwensiýalaryny işläp taýýarlamaga we ýerine ýerirmäge gatnaşýar, maglumatlary alyşmak barada şertnamalary baglaşmak boýunça teklipleri berýär;

 

jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

 

is kadalaryny (ölçeglerini) we ülňülerini, usulyýet gollanmalaryny, maksatnamalary we beýleki resmi namalary işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we ornaşdyrýar;

 

pul serişdeleri we beýleki emläkler bilen amallary geçirýän taraplaryň    jenaýatçylykly    ýol    bilen     alnan    girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek babatda kanunçylygy berjaý edişlerine gözegçilik edýär;

 

hünäri yokarlandyrmak okuwlaryny we hünär synagyny geçirmek arkaly Müdirligiň işgärleriniň hünär babatdaky bilim derejelerini çuňlaşdyrmak boýunça işleri guraýar;

 

Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem şu Düzgünnama laýyklykda talaba laýyk is alyp barýar;

 

Müdirligiň işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly beýleki işleri ýerine ýetirýär.

 

 

 

Müdirlige Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Maliýe ministri tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

 

 

 

esasy