Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçilik müdirligi

Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň Maliýe gözegçiligi müdirligi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde döredilen ygtyýarly döwlet edarasydyr.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek maksady bilen döredilen döwlet edarasy, Türkmenistan döwletiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalaryny, Birleşen Milletler Gurmamasynyň Baş Assambleýasynyň kararlaryny we Howpsyzlyk Geňeşiniň degişli rezolýusiýalaryny durmuşa geçirmek babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleriniň alynyp barylýanlygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwleti öwreniş we Türkmenistanyň kanunçylygy babatda düýpli hem-de amaly barlaglary geçirmek, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmak işlerini ylmy taýdan esaslandyrmagy üpjün etmek maksady bilen Permana gol çekip: 

30.07.2018 Türkmenistan Eýranyň halkyna ynsanperwerlik kömegini berýär

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Buýruga gol çekdi.

30.07.2018 Gurluşyk we binagärlik—ýurdumyzyň we döwrüň keşbi

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda gurulýan iri desgalar, giň möçberli düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly wakalar hakynda gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi.

30.07.2018 Ekologiýa we telekeçilik: telekeçiler gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmegi özleşdirdiler

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýerleşýän “Dana Dünýä” hususy kärhanasy gaýtadan işlenilýän çig maldan gurluşyk serişdeleriniň önümçilgini artdyrýar.

30.07.2018 Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Seulda «Amul – Hazar 2018» awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi

27-nji iýulda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda sentýabr aýynda geçiriljek “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.

30.07.2018 Ahal welaýatynyň ekologlary emeli tokaý baglaryny goramak boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar

Millionlarça ýylyň dowamynda kemala gelen Köpetdagyň gerişleri türkmen tebigatynyň gözel ýerleriniň biridir.


КАРТА ТУРКМЕНИСТАНА

Maglumatlar ýygyndysy TM

23.07.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 16–19-njy iýuly aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde bikanun pullary boýunça "Kriptowalýutalary, gara tory hem-de açyk çeşmelerden alnan maglumatlary ulanmak bilen bagly bikanun alnan girdejileri kanunlaşdyrmak boýunça işleri derňemek" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

02.07.2018 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 24–29-njy iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Paiž şäherinde geçiriljek Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

28.05.2018 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2018-nji ýylyň 22–25-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 28-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

09.04.2018 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2018-nji ýylyň 03–05-nji apreli aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde bikanun pullary boýunça "Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyk bilen bagly bikanun maliýe akymlaryň öňüni almak" atly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

 

 

23.11.2017 Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we Jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODС) Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň gurmagynda Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 21–22-nji noýabry aralygynda Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde bikanun maliýe akymlara garşy hereket etmek boýunça Pariž Paktynyň bilermenleriniň iş toparynyň maslahatyna gatnaşdylar.

 

17.11.2017 2017-nji ýylyň 13-15-nji noýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary geçirildi.

 

 

06.02.2017 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2017-nji ýylyň 29 ýanwary – 03-nji fewraly aralygynda Kataryň Doha şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

14.10.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 06–10-njy oktýabry aralygynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde“Özara baha bermegiň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin bilermenleri taýýarlamak” atly geçirilen ikinji amaly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

 

29.09.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Larwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary geçirildi.

 

30.06.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 22–27-nji iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzen toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

23.06.2014 Türkmenistanyň wekilçilik toparynyň 2014-nji ýylyň 16–20-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça halkara gurama bolan Ýewraziýa Toparynyň (ÝAT) 20-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.

 

26.05.2014 Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde Netijeli Döwlet Dolandyryşy boýunça Serişdeler Merkezi açyldy

 

01.03.2014 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2014-nji ýylyň 16–19-njy fewraly aralygynda Wengriýa Respublikasynyň Budapeşt şäherinde geçirilen Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek baradaky maliýe aňtowçylyk edaralarynyň bütindünýä bileleşmesi bolan Egmont toparynyň (Egmont topary) täze agzalary kabul etmek we hukuk meseleleri boýunça işçi toparlarynyň ýygnagyna gatnaşdylar.

 

01.03.2014 Türkmenistanyň wekilçilik topary 2014-nji ýylyň 9–14-nji fewraly aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy maliýe çärelerini işläp düzýän toparynyň (FATF) nobatdaky umumy ýygnagyna gatnaşdylar.

 

18.11.2013 ÝAT-yň 19-njy umumy ýygnagy, Aşgabat, Türkmenistan 2013

Bildiriş TM

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 13-17 awgusty aralygynda Malaýziýa Respublikasynyň Kuala Lumpur şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

31.07.2018 2018-nji ýylyň 24-28 sentýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça ulgamlara bilermen baha berijileri taýýarlamak babatda okuw sapary meýilleşdirilýär.

 

28.08.2014 2014-nji ýylyň 23-25 sentýabry aralygynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň gurmagynda Türkmenistanyň degişli döwlet gullukçylary üçin Latwiýa respublikasynyň Riga şäherinde korrupsiýa garşy hereketleri we maliýe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşmak okuw sapary meýilleşdirilýär.

Senenama

 
Управление финансового мониторинга министерства финансов Туркменистана - 2012