Maksady we işleri

esasy

 

 

 

Maliýe gözegçiligi gullugynyň işiniň maksady - jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine hem-de şular bilen bagly jenaýatçylyga garşy hereket etmegiň syýasatyny işläp düzýär we durmuşa geçirýär.

 

 

Gullugyň wezipeleri:

 

 

  1. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  2.  
  3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak we olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek;
  4.  
  5. Milli töwekgelçiliklere baha bermek hem-de şeýle töwekgelçilikleriň derejelerini peseltmek we olary aradan aýyrmak boýunça çäreleri guramak we utgaşdyrmak;
  6.  
  7. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, işiň şu ugry boýunça döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak, daşary ýurtlaryň hökümetleriniň we halkara guramalarynyň tehniki ýardamlygy we tehniki kömegi boýunça taslamalarynyň utgaşdyryjysy bolup çykyş etmek;
  8.  
  9. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda bir bitewi maglumatlar ulgamyny döretmek we maglumatlar binýadyny alyp barmak;
  10.  
  11. Daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary bilen jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda bilelikde hereket etmegi we maglumatlary alyşmagy amala aşyrmak;
  12.  
  13. Halkara guramalarynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek;
  14.  
  15. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini guramak we oňa ýolbaşçylyk etmek;
  16.  
  17. «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan we hökmany gözegçilige degişli bolan amallaryň çäklendirme möçberini kesgitlemek;
  18.  
  19. Gelip gowuşýan maglumatlaryň we döredilýän maglumatlar binýadynyň gizlinligini we goragyny üpjün etmek;
  20.  
  21. Maglumat berýän şahslar üçin okuw maksatnamalaryny tassyklamak, olar üçin okuwlary, şol sanda halkara we daşary ýurt bilermenlerini çekmek arkaly guramak, olaryň işgärlerine hünärleýin talaplary kesgitlemek, bu ugurda Türkmenistanda we ondan daşarda hünärmenleriň taýýarlanylyşyny guramak;
  22.  
  23. Ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda, şeýle hem halkara guramalarynyň maslahatlarynda göz öňünde tutulan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmek bolup durýar.

 

 

Gullugyň üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda:

 

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlary toplamagy we gaýtadan işlemegi amala aşyrýar;

 

Alnan maglumatlary bellenen tertipde seljermegi amala aşyrýar;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

 

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen hökmany gözegçilige degişli amallar(geleşikler) boýunça zerur maglumatlary önümçilikde bolan materiallary çözmek üçin jenaýat işleri boýunça kazyýetiň ýüz tutmagy boýunça ugradýar;

 

Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde  hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň haýyşlary boýunça olara berýär;

 

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar (geleşikler) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly diýip çak etmäge esas bar bolanda iş ýörediş taýdan çözgüt kabul etmek üçin hukuk goraýjy we beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda olara ugratmak üçin maglumaty Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna geçirýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalary işlenip düzülende we amala aşyrylanda gatnaşýar;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda maglumatlar binýadyny döretmegi we alyp barmagy guraýar, şeýle hem maglumatlar ulgamynyň usulyýet taýdan bir bitewiligini we ylalaşykly hereket etmegini üpjün edýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaTürkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryny duýdurmak boýunça çäreleri işläp düzýär we geçirýär;

 

Döwlet edaralaryndan we gaýry guramalardan alynýan maglumatlaryň esasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagynyň tejribesini umumylaşdyrýar, şeýle hem ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär we hödürleýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň halkara tejribesini öwrenýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda işgärleri gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara guramalarynyň, birleşikleriniň we gaýry iş toparlarynyň işine bellenen tertipde gatnaşýar;

 

«Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň maksatlary üçin offşor zolaklarynyň sanawyny Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak boýunça kesgitleýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek bilen meşgullanýan halkara guramalary tarapyndan tassyklanýan sanawlaryň esasynda, maliýe amallary geçirilende taraplaryň bolmanda biriniň maglumatyň açylmagyny ýa-da berilmegini göz öňünde tutmaýan ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek çygrynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmaýan döwletleriň we çäkleriň sanawy barada teklip berýär;

 

Şübheli amallary we geleşikleri kesgitlemegiň alamatlaryny tassyklaýar;

 

Döwlet belligine alynmaga degişli gozgalmaýan we gaýry emläk bilen edilýän geleşigiň, häsiýetini we aýratynlyklaryny hasaba almak bilen hökmany gözegçilige degişli çäklendirme möçberini belleýär;

 

Terrorçylygy we ekstremistik işe gatnaşygy maliýeleşdirmek bilen bagly ýuridik we fiziki şahslaryň sanawyny kesgitlemegiň we amallary amala aşyrýan şahslaryň dykgatyna ýetirmegiň tertibini belleýär;

 

Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan topar (FATF) tarapyndan neşir edilýän resminamalary hasaba almak bilen, ulgamy laýyk däl ýurtlaryň sanawyny düzýär we degişli döwlet edaralaryna ugradýar;

 

Amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça müşderiniň talabalaýyk barlagyny geçirmek üçin zerur resminamalaryň sanawyny degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça kesgitleýär;

 

Hökmany gözegçilige degişli amallar (geleşikler) barada maglumatlary amallary amala aşyrýan şahslar tarapyndan bermegiň görnüşi baradaky düzgünleri tassyklaýar;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksatlary bilen amallary amala aşyrýan şahslaryň görnüşleri boýunça içerki gözegçilik kadalaryna bildirilýän talaplary degişli döwlet edaralary bilen bilelikdäki kadalaşdyryjy hukuk namasy bilen belleýär;

 

Amallary amala aşyrýan şahslara işgärleri taýýarlamak we okatmak boýunça talaplary degişli döwlet edaralary bilen ylalaşmak boýunça tassyklaýar;

 

Terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly fiziki we ýuridik şahslaryň sanawyny düzýär we onuň amallary amala aşyrýan şahslara elýeterliligini üpjün edýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejderiň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen, pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallary (geleşikleri) togtatmak boýunça kanunçylykda bellenen ygtyýarlyklarynyň çäginde degişli çäreleri amala aşyrýar;

 

Şübheli geleşikleri we amallary ýüze çykarmaga, olaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri işläp taýýarlaýar we amala aşyrýar;

 

Maglumatlar binýadynyň, maglumatlaryň, şeýle hem olar bilen işleýän adamlaryň gizlinligi babatda howpsuzlyk çärelerini işläp taýýarlaýar we ornaşdyrýar;

 

Gizlinlik häsiýeti bolan maglumatlar binýady we resminamalar bilen işlemegiň içerki ülňülerini girizýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň halkara standartlarynyň hem-de onuň bilen bagly pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) taýýarlan maslahatlarynyň, usulyýet gollanmalarynyň we çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini amala aşyrýar;

 

Pul serişdeleri we gaýry emläk bilen amallar we geleşikler barada hökmany gözegçilige degişli maglumatlary hasaba almagyň, işlemegiň we seljermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döredýär we ýöredýär;

 

Bellenen tertipde halkara hyzmatdaşlygy boýunça maksatnamalary, halkara konwensiýalaryny işläp taýýarlamaga we ýerine ýerirmäge gatnaşýar, maglumatlary alyşmak barada şertnamalary baglaşmak boýunça teklipleri berýär;

 

Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçlarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;

 

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we predikat jenaýatlara garşy hereket etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamaga gatnaşýar;

 

Iş kadalaryny (ölçeglerini) we ülňülerini, usulyýet gollanmalary, maksatnamalary we beýleki resminamalary işläp taýýarlaýar, tassyklaýar we ornaşdyrýar;

 

Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan Gullugyň üstüne şu bölekde görkezilenlerden beýleki borçlar hem ýüklenilip bilner.

 

 

 

 

 

esasy