11.12.2017 Türkmenistanyň Prezidenti Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanylan foruma gatnaşyjylary gutlady

Hormatly halkara maslahatyna gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň işiniň başlanmagy, şeýle hem ýetip gelen Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn!-diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar.

Siziň wekilçilikli maslahatyňyzyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisiniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň halky bilen bilelikde halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilmegi çuňňur mana eýedir. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ygrarly bolup, Bitaraplyk syýasatyna berk eýermegiň tarapdary bolmak bilen, Turkmenistan durnukly ösüşiň we öňe gitmegiň hatyrasyna milli, şeýle hem ählumumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýar- diýilip, gutlagda bellenilýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Türkmenistanyň halkara giňişligindäki daşary-syýasy üstünlikleri we netijeli hyzmatdaşlygy biziň ýurdumyzyň oňyn tejribesine, ilkinji nobatda, bitaraplyga we öňüni alyş diplomatiýasyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyna getirdi.

Garaşsyz döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary biziň döredijilikli mümkinçiliklerimizi umumy bähbitleriň, giň we netijeli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna Milletler Bileleşiginiň ähli agzalary bilen bilelikde ulanmaga bolan çemeleşmelerimizi görkezýär. Häzir ýurdumyzyň daşary syýasatda, halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiýanyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň, köptaraply duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki halkara maslahatynyň gün tertibi bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasynyň maksatlarynyň birligini görkezýär. Halkara syýasatynda bitaraplyk ýörelgesi çylşyrymly meseleler çözülende syýasy-diplomatik çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hem-de durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat we degerli gural bolup durýar. Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy ylalaşdyryjy gepleşikler üçin zerur şertleri döretmek, häzirki zaman howplarynyň we töwekgelçilikleriniň öňüni almak maksady bilen, doly derejede özara utgaşdyrylmagynda we baglanyşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar.

Bitarap Turkmenistan garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden başlap Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar. Aşgabatda 10 ýyl mundan ozal BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli we oňyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini has-da artdyrdy.

2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň 55-nji maslahatynda «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasynyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan häzirki zaman şertlerinde ähmiýeti has-da ýokarlanýan öňüni alyş diplomatiýasynyň tejribesiniň netijeli we ylalaşdyryjy gural hökmünde hemmetaraplaýyn goldanýandygyny tassyklaýar. BMG-niň bu sebit düzüminiň işi Türkmenistanyň bitaraplygynyň kuwwatyny Milletler Bileleşiginiň syýasy we guramaçylyk serişdeleri bilen bilelikde peýdalanmak mümkinçilikleriniň uludygyna şaýatlyk edýändigini aýratyn bellemek zerurdyr.

Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji güýji we Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygynyft baý tejribesi öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini durmuşa geçirmek işinde düýpli esas bolup hyzmat edendigini tejribe görkezdi. Sebit merkezi gömüşinde döredilen bu düzüm Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek işine ýardam etmek bilen, gepleşikleri geçirmegiň netijeli gurallaryny ulanýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji strategiýasynyň binýatlaýyn esasyny howpsuzlygyft bütewiligi we bölünmezligi baradaky taglymat düzýär. Şu nukdaýnazardan hem, howpsuzlyk häzirki zaman dünýä ösüşiniň ugurlaryny kesgitleýän esasy şertlere esaslanan bütewi ulgam bolup görünýär. Geosyýasy manyda - parahatçylygy saklamak we dumuklylygy üpjün etmek işi parahatçylygy kepillendirmek, şeýle hem milli, sebit we ählumumy derejede ylalaşyk gazanmak arkaly amala aşyrylyp bilner.

Şunuň bilen baglylykda, Turkmenistan sebit gepleşiklerinde oňyn garaýyşlaryň agdyklyk etmegine hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we dumukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Bu çemeleşme syýasy düzümden başga-da, ykdysady, energiýa, ekologiýa, azyk we ynsanperwer meseleleriniň çözgüdini hem öz içine alýar.

Biziň döwletimiz özara ylalaşylan çözgütleriň işlenip düzülmeginde we kabul edilmeginde, hususan-da häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek, parahatçylygy üpjün etmek we durmuş-ykdysady ýagdaýy dikeltmek boýunça doganlyk Owganystana netijeli kömek bermek, suw-energiýa serişdelerini rejeli ulanmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek işine has işjeft gatnaşýar. Şu günki maslahatyň özara tejribe alyşmaga we halkara gatnaşyklary ulgamynda bitaraplygyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň nazary we amaly esaslaryny mundan beýläk hem baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine berk ynanýaryn – diýilip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda aýdylýar.

 

Esasy