08.12.2017 Senagat pudagy 11 aýyň jemleri boýunça ýokary önümçilik ösüşini görkezýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýewyň habar bermegine görä senagat ministrligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleri, öndürilen önümler hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlar boýunça meýilnamanyň 107,8 göterime barabar bolandygy bellenildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça meýilnama 116,4 göterim berjaý edildi, umumy ösüş depgini 6,1 göterime deň boldy. Halyçylyk kärhanalary tarapyndan haly we haly önümlerini dokamak boýunça meýilnama 113,1 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça şu ýylyň on bir aýynyň netijeleri boýunça çykarylan önümleriň meýilnamasy 85,5 göterim berjaý edildi. Tehniki ýod öndürmek babatda 122,5 göterim, tehniki uglerodyň önümçiliginde 103,8 göterim, natriý sulfatyny öndürmekde 105,4 göterim ösüş hasaba alyndy.

Seljerilýän döwürde Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça meýilnama görkezijisi 104,5 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumyny ösdürmegiň strategiýasynyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň, kärhanalara öňdebaryyjy tehnologiýalary hem-de hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşldyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Pudaklaryň netijeli işlemegi köp babatda içerki sarp edilişini hem-de dünýä bazarlarynyň üýtgäp durýan ýagdaýlaryny nazara alyp, işleri başarnykly guralyşyna baglydyr.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň ösüş depgini çaltlandyrmak, şol sanda mineral dökünleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini belledi. Munuň üçin birnäçe täze kärhanalary, şol sanda kaliý dökünlerini öndürýän ýene-de bir dag magdan kärhanasyny, karbamid we ammiak zawodlaryny gurmaly diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mineral serişdeleriň şeýle ýerasty gatlaklary bolan ýurdumyza içlendik maýadary çekip bolar. Ýöne, diňe tutanýerlilik bilen işlemek gerek.

 

Esasy